JEMGYÝET

VI Hazar sammiti başlady

Şu gün Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammiti geçirilýär. Sammit paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Arkadag” myhmanhanasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän sammite Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gatnaşýar.

Sammitiň öňüsyrasynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň surata düşmek dabarasy boldy. Soňra sammit diňe döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Şeýle hem sammit giňeldilen düzümde geçirilip, onda Hazarýaka döwletleriniň arasynda energetika, ulag-logistika we beýleki ençeme ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maslahatlaşylýar.

SAMMITIŇ ÖŇÝANYNDA IKIÇÄK DUŞUŞYKLAR GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sammitiň öňüsyrasynda ýurdumyzda gelen ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen ikiçäk gepleşikler geçirdi. Gepleşiklerde özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem döwlet Baştutanlary bilen duşuşyklar geçirdi. Daşary ýurtlaryň Prezidentleri Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen hem gutladylar.

HAZAR SAMMITLERINIŇ TARYHY

Hazar sammiti barada aýdylanda bu sammitiň ilkinji baryp, 2002-nji ýylda Aşgabatda geçirilipdi. Bu sammitiň üstünden geçen 20 ýyldan soňra ýene-de Hazar sammitini Aşgabat kabul edýär.

Mälim bolşy ýaly, 2-nji Hazar sammiti 2007-nji ýylda Eýranyň paýtagty Tähranda, 3-nji Hazar sammiti 2010-njy ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda, 4-nji Hazar sammiti 2014-nji ýylda Russiýanyň Astrahan şäherinde we 5-nji Hazar sammiti 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirildi.

Aktau sammitinde uzak ýyllaryň dowamynda özara gepleşikler geçirilip, taýýarlanan Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy baradaky Konwesniýasyna gol çekilipdi.

 

Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Ýene-de okaň

Türk ministri: türkmen gazy 1,5 million hojalygyň zerurlyklaryny üpjün eder

Oraza aýy-2025 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Arkadag şäherinde 5G” tehnologiýasynyň işi ýola goýlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde “4G+” internet ulgamynyň işine ak pata berdi

Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze resminamasy kabul ediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri