JEMGYÝET

V Wena baly Arkadag şäherinde geçiriler

Türkmenistanyň ilkinji “akylly” şäheri bolan Arkadag şäherinde V Wena balyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeriň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda bellenilip geçilýär.

Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Ilkinji nobatda, Sizi Berlin şäherinde «Merkezi Aziýa — Germaniýa» görnüşiniň çäklerindäki duşuşyklaryňyzyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli gutlamaga rugsat ediň!
Siziň duşuşyklaryňyzyň netijeleri ýurduň syýasy-ykdysady durnuklylygyny berkitmäge gönükdirilen hem-de türkmen halkynyň ýokary ynsanperwer däplerine esaslanýan Türkmenistanyň döredijilikli strategik syýasatynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Pursatdan peýdalanyp, V Wena balynyň ajaýyp Arkadag «akylly» şäherinde geçirilmegi üçin beren goldawlaryňyza hoşallygymy beýan edýärin. Siziň tagallalaryňyz bilen bu iri şähergurluşyk taslamasynyň örän gysga wagtyň içinde amala aşyrylmagy hemmeleri haýran galdyrýar.
Wena balyna Awstriýadan köp sanly wekiller gatnaşar.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçiriljek Wena balyna Siziň gatnaşmagyňyz ählimiz üçin ähmiýetli waka bolar we Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda durmuşa geçiriljek geljekki taslamalarymyzda uly güýç hem-de şatlyk berer.
«Goý, Arkadag şäheri müdimi bolsun!
Goý, seniň adyň hem baka ulaşsyn!
Gahryman Arkadag baky ýaşasyn!».
Çuňňur hormat bilen Size we Türkmenistanyň halkyna gülläp ösüş hem-de bagtyýarlyk barada iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn – diýlip bellenilýär.

Wena baly Türkmenistanda bäşinji gezek guralýar. Ilkinji bal 2011-nji ýylda Aşgabatda geçirilipdi. Bu çäräni geçirmek Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen Awstriýa-Türkmen jemgyýeti tarapyndan ýola goýuldy.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri