MEDENIÝET

Uzynlygy 70 metre barabar bolan tako tagamynyň rekordy

Mek­si­ka­nyň meş­hur ta­gam­la­ryň bi­ri bo­lan ta­ko Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Ýur­duň Mo­ra­les şta­ty­nyň Ku­er­na­wa­ka şä­he­ri­niň ta­ry­hy meý­da­nyn­da ge­çi­ri­len çä­re­de dün­ýä­niň iň uzyn ta­ko­sy taý­ýar­lan­dy. Ýu­ka çö­re­giň ara­sy­na dür­li önüm­ler sal­nyp taý­ýar­lan­ýan ta­ko Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da­ky meş­hur tiz ta­gam­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar.

Re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len ta­ko bir bi­te­wi la­waş­dan taý­ýar­lan­dy. Uzyn­ly­gy 70 metr 40 san­ti­met­re ýet­ýän ta­ko­nyň ha­my­ry­ny taý­ýar­la­mak üçin 37 ki­log­ram mek­ge­jö­wen uny ula­ny­lyp­dyr.

Aş­pez­ler ta­ko­nyň çö­re­gi­ni taý­ýar­lan­la­ryn­da, onuň bö­lün­mez­li­gi­ne üns ber­di­ler. Şeý­le ulu­lyk­da­ky ha­my­ryň ýa­ýy­lan­da ýyr­tyl­ýan­dy­gy se­bäp­li bu iş kyn ha­sap­lan­ýar.

Mun­dan ozal­ky re­kord hem bu şä­her­de ha­sa­ba al­nyp, onuň uzyn­loy­gy 65 metr bo­lup­dyr.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy