JEMGYÝET

Uzynada meýdançasynyň nebit gory 5 million tonna

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Uzynada meýdançasyna bardy hem-de şol ýerde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmek we ondan netijeli peýdalanmak boýunça maslahat geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde, ilki bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaýyn düzümlerinde ulanylýan kuwwatly tehnikalary, olaryň görnüşlerini synlady. Şeýle hem milli Liderimiz Garagum sährasynyň çylşyrymly şertlerinde, dag eteklerinde, kenarýaka giňişliklerde bar bolan nebitgaz känlerine hyzmat edýän, buraw işlerinde ulanylýan ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary hem-de olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen gyzyklandy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow bu ýerde geçirilen maslahatda eden çykyşynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda hem-de berýän ägirt uly goldawy netijesinde, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerine baý sebitleri ýüze çykarmak, şol ýerleriň nebit we tebigy gaz gorlaryny düýpli öwrenmek, täze önümli gatlaklary özleşdirmek üçin guýulary burawlamak, hereket edýän nebitgaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen hünärmenleriniň tagallasy netijesinde, Uzynada meýdançasynda ýüze çykarylan känleriň nebit gorlarynyň mukdarynyň 5 million tonna barabardygy çaklanylýar.

 

Ummanda tapylan 4000 ýyllyk tagta oýny

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgardy

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi