Telefon satyn alnanda onuň tehniki aýratynlyklary bilen bir hatarda batareýasynyň çydamlydygy hem göz öňünde tutulýar. Uzak ýola gidilende, telefonlyk işiň köp bolsa onuň batareýasynyň uzak wagta ýetmegi has hem ähmiýetli bolýar. Hünärmenler häzirki wagtda satuwda bolan iň güýçli batareýaly telefonlaryň sanawyny düzüpdirler. Sanaw düzülende telefonlar üç topara bölünipdir– “premium” derejeli, 120 gerts ekranly telefonlar we baha-güýç deňagramlylygy bolan telefonlar. “Premium” derejeli telefonlaryň sanawynda “iPhone 11 Pro Max” birinji orny eýeleýär. Bu telefonyň zarýady ortaça ulanyşda 12 sagat 54 minuda ýetýär. “Motorola Edge+” (12 sagat 31 minut), “Xiaomi Poco F2 Pro” (12 sagat 16 minut) ilkinji üçlügi emele getirýär. “Samsung Galaxy S20” 12 sagat 15 minut, “iPhone 11” 11 sagat 26 minut ulanmaga mümkinçilik berýär.
120 gerts ekranly telefonlarda “Samsung Galaxy S20+” birinjiligi saklaýar. Bu telefonda arakesmesiz 12 sagat 40 minut gepleşip bolýar. Ýene-de “Samsung” brendine degişli “Galaxy S20 Ultra 5G” (12 sagat 23 minut) hem-de “Galaxy Note 20 Ultra” (11 sagat 57 minut) bu ugurda sanawa girizilipdir. “OnePlus 8 Pro” 10 sagatlyk görkeziji bilen dördünji orny eýeleýär.
Baha-güýç telefonlaryndan bäşisi saýlanypdyr. Bu ugra “alanyňa gynanylmaýan telefonlar” diýilse hem ýalňyş bolmaz. Bu telefonlaryň bahasy tehniki aýratynlyklaryna bagly bolýar. “Motorola Moto GB Power” 15 sagat 54 minut, “Xiaomi Redmi Note 9 Pro” 14 sagat 30 minut we “Xiaomi Redmi Note 9” 14 sagat 18 minut görkeziji bilen ilkinji üçlüge girizilipdir. Şeýle hem sanawda “Motorola Moto G8” (13 sagat 56 minut) we “Samsung Galaxy A10” (13 sagat 2 minut) hem ýerleşdirilipdir.
Humaý ÇARYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!