SPORT

Uzak wagtlap galmak isleýär

Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň 30 ýyl soňra eýe bolan “Premier Liga” çempionatynda ýeňiji bolmagyna saldamly goşant goşan oýunçylaryň biri hasaplanýan Mohammed Salah iňlis toparynda uzak wagtlap galmak isleýändigini aýdýar.

2018-nji ýylda “Liwerpul” topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşan Salah bu möwsümde 19 gezek topy tora girizip, toparda tapawutlanmagy başardy.

Salah özüniň “Liwerpul” toparynda galmak isleýändigi hakynda jemgyýetçilik torlarynda şeýle beýanat bilen çykyş etdi.

«Bu ýerdäki ähli zady söýýärin. Şonuň üçin bu ýerde uzak wagtlap galaryn diýip umyt edýärin. Bu ýeriň atmosferasy başga ýerleriňkiden üýtgeşik. Biz toparyň agzalary has-da jebisleşip, birek-birege gowy düşünýäris. Hut şonuň üçin hem, ençeme üstünliklere ýetjekdigimize ynanýarys» — diýip, bellenilip geçilýär.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler