Düýn Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde sähra şertlerinde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň 60 kilometrlik menzili oňa gatnaşan 20 bedewiň içinden iň çydamlylaryny saýlady.
Atly ýörişe Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndan 10, Halkara ahalteke atçylyk toplumyndan 5 we Milli atly sport merkezinden hem 5 bedew gatnaşdyryldy. Iki tapgyrda geçirilen bäsleşigiň dowamynda eminler topary atlaryň bellenilen menzili gysga wagtda geçip bilmek ukybyna, çydamlylyk derejesine, şeýle hem çapyksuwarlaryň atlary ussatlyk bilen erk edip bilişlerine baha berdiler. Bäsleşigiň düzgünine görä, 30 kilometrlik birinji tapgyr tamamlanandan soň, weterinar lukmanlar atlaryň saglyk ýagdaýyny gözden geçirdiler.
Biraz dem-dynç berlenden soň, atlar we olaryň çapyksuwarlary ýollaryny dowam etdirdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli atlar ýaryşda öňe saýlanyp, ilkinji üç orny eýelemegi başardylar. Eminler toparynyň gelen gutarnykly netijesine laýyklykda, uzakçyllygy, çydamlylygy, gaýratlylygy bilen pellehana ilkinji gelen, 2-nji belgide ýaryşa goşulan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Meşhur diýen dor at ýeňiji diýlip yglan edildi. Toplumyň seýsi Baýram Annaýewiň seýislän bedewi bäsleşige gatnaşýan beýleki atlardan ep-esli wagt öň gelip, 60 kilometr menzili jemi 1 sagat 26 minut 17 sekuntda geçmegi başardy. Mertebeli we Dumanly diýen atlaryň neslinden bolan, 2017-nji ýylda doglan ýeňiji bedewe Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby Orazgeldi Annaýew çapyksuwarlyk etdi.
Bäsleşigiň pellehanasyna ikinji bolup Tyllanur diýen gara at geldi. Hoşgeldi Toýlyýewiň seýislän we çapan bedewi bellenilen aralygy 1 sagat 37 minut 15 sekuntda geçmegi başardy. Üçünji orna seýis Orazmuhammet Orazmuhammedowyň taýýarlan Mertebe diýen aty mynasyp boldy. Ol bellenilen aralygy 1 sagat 56 minut 9 sekuntda geçdi. 2017-nji ýylda doglan dor ata Baýmuhammet Orazmuhammedow çapyksuwarlyk etdi.
Baş baýraga mynasyp bolan çapyksuwaryň baýragy Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giň gerimde belleniljek gününde dabaraly ýagdaýda gowşurylar.