SPORT

Üýtgeşik sowgat gowşuryldy

Portugaliýa futbol milli ýygyndysynyň we “Ýuwentus” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo, aýratyn dizaýnly futbol aýakgaby sowgat edildi. 35 ýaşly hüjümçi “Milletler Ligasy” çempionatynda Şwesiýa futbol milli ýygyndysyna garşy geçiren oýunda, milli ýygyndysy üçin 100-nji goluny geçiren üçin “Nike” kompaniýasy “CR 100 Superfly CR7 100 Goals” atly aýakgabyny sowgat etdi. Ronaldo milli ýygyndysy üçin 100 pökgi geçiren ilkinji ýewropaly futbolçy boldy.

“Bu ajaýyp aýakgap üçin sag bolsun aýdýaryn. Men indiki milli ýygyndy duşuşykda muny sabyrsyzlyk bilen geýmäge garaşýaryn we bu wakany bellemek isleýärin” diýip, Ronaldo özüniň Instagram sahypasynda belleýär.Şeýle hem Portugaliýa futbol milli ýygyndysy, 11-nji oktýabrda “Milletler Ligasy” çempionatynyň 3-nji tapgyrynda Fransiýa futbol milli ýygyndysy bilen duşuşar. Şol duşuşykda Ronaldo, özüniň täze aýakgaby bilen meýdançada çykyş etmegine garaşylýar.

Aýyň tälimçisi kim boldy?

Futbol boýunça Angliýanyň premýer liga çempionatynda sentýabr aýynyň iň gowy tälimçisi yglan edildi. Bu baýraga “Ewerton” toparynyň we dünýä belli tälimçisi Karlo Ançelotti mynasyp boldy. Şeýle hem bu ýaryşa “Liwerpul” toparynyň tälimçisi Ýurgen Klopp, “Lester Siti” toparynyň tälimçisi Brendan Rojers we “Aston Willa” toparynyň tälimçisi Din Smit gatnaşdylar.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler