BIZNES

USAID Türkmenistanda maýa bazarlaryň ösdürilmegini goldaýar

ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça guramasy (USAID) Aşgabat gazna biržasy (AGB) bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde hünärmenlere dellalçylyk hyzmatlary we gymmatly kagyzlaryň emissiýasy boýunça okuwlary üstünlikli tamamlandyklary üçin şahadatnamalary gowşurdy.

Okuwlar aprel-iýun aýlary aralygynda geçirildi.  Iki okuw tapgyrlary dellallar üçin, ikisi hem emitent kompaniýalary üçin geçirildi.  Şu okuwlaryň netijesinde AGB gymmat bahaly kagyzlar boýunça täze 25 sany hususy dellallary taýýarlady we korporatiw obligasiýalaryň we paýnamalaryň emissiýasy arkaly maliýe serişdelerini çekmek hakynda 45 sany türkmen kompaniýalaryň eýelerine we menejerlerine maglumat ýetirdi.

Şahadatnamalary gowşurmagyň dowamynda ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça guramasynyň (USAID) Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradze okuwlaryň gatnaşyjylaryna ýüzlenip, “Siziň ähliňiz ilkinji ýol geçijiler we ýoly döredijisiňiz.  Işiň täze görnüşlerini we maliýe serişdelerini çekmegiň usullaryny synap görmäge bolan hyjuwyňyzyň netijesinde siz ykdysadyýeti öňe tarap ilerledersiňiz” diýip, belledi.

Şeýle hem çäräniň dowamynda USAID-yň we AGB-nyň hünärmenleriniň Türkmenistanda gazna bazarynyň infrastrukturasyny ösdürmek we onuň ykdysadyýetini ilerletmek maksady bilen uzak möhletli maliýe serişdelerini çekmegiň ähmiýeti barada tanyşdyryş çäreleri guraldy.

AGB 2016-njy ýylda döredilip, ol ýurtda maýa bazarlaryny emele getirmekde öňdebaryjy edara hökmünde çykyş edýär.  USAID we AGB durnukly we netijeli hereket edýän gazna bazaryny döretmegine garaşylýan ýol kartanyň üstünde işleýärler.

Tähran duşuşygy: VI Hazar sammitine taýýarlyk güýçlendirilýär

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy