BIZNES

“DigiWomen Codefest” hakaton bäsleşigini geçirdi

ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) Iş Nokady hyzmatdaşlyk merkezinde aýallar we gyzlar üçin DigiWomen Codefest hakaton bäsleşigini geçirdi.

Üç gün dowam eden hakaton, ýurdumyzyň dört welaýatyndan gelen DigiWomen Camp maksatnamasynyň 70 sany gatnaşyjylary üçin tehnologiýalar we kompýuter programmalaryny ýazmak bilen baglanyşykly dürli taslamalarda bäsleşmek, innowasiýa we toparlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin platforma hökmünde çykyş etdi. Gatnaşyjylara maslahat we goldaw bermek üçin maslahatçy kompaniýalar, maýadarlar, IT hünärmenleri we donor guramalary hem gatnaşdylar.

USAID-iň Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradze hakatonyň gatnaşyjylaryna ýüzlenip şeýle diýdi: “DigiWomen Camp maksatnamasy diňe bir tehnologiýany öwrenmek we bu ugurda ösmek üçin mümkinçilikleri döretmek bilen çäklenmeýär. Şeýle hem, IT tehnologiýasyna we innowasiýalara höwesli aýal-gyzlaryň jemgyýeti hökmünde birleşmegimiz üçin bir pursat bolup durýar. Bu maksatnama birek-biregi goldamak, giň mümkinçilikli we köp ugurly tehnologiýa pudagyny döretmek üçin tejribe we pikirleri paýlaşmak üçin esas döredýär”.

Çäräniň jemleýji güni, gatnaşyjy toparlar öz taslamalaryny emin agzalarynyň we tomaşaçylaryň öňünde prezentasiýa etdiler. Toparlara çykyşyň dowamynda olaryň döredijiligine, taslamalarynyň täzeligine we durmuşda bolup biljek täsirine esaslanyp baha berildi. Netijede, emin agzalary tarapyndan üç sany taslamalar saýlanyldy. Birinji orny AimIT toparyna we olaryň Lybas atly taslamasyna, ýagny güýçli toparlaýyn işi we tikinçilik pudagynda sanly söwda meýdançany döretmek arkaly tikinçileri we alyjylary bir ýerde birikdirmek çözgüdini durmuşa geçirmäge amaly we durmuş çemeleşmäni görkezendigi üçin berildi.

USAID 2023-nji ýylyň fewral aýynda ABŞ-nyň Ilçihanasy, Hewlett Packard Gazagystan we Türkmenistandaky Sanly Bilim hususy bilim merkezi bilen bilelikde DigiWomen Camp atly maksatnamasyny işe girizdiler. Bu çäräniň maksady Türkmenistanda aýal-gyzlar üçin maglumat we aragatnaşyk tehnologiýa pudagynda täze hünär mümkinçiliklerini döretmekden ybarat bolup durýar.

###

USAID dünýädäki iň esasy halkara ösüş agentligi we ösüş pudagynda netijeleri gazanýan katalitik agentdir. Has giňişleýin maglumat üçin https://www.usaid.gov/central-asia-regional  we Feýsbukda USAID/ Central Asia https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia .sahypasyna girip görmegiňizi haýyş edýäris.

###

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy