BIZNES

USAID: Merkezi Aziýada söwda taslamasyny tamamlady

ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy sebitleýin «Bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlaryny döretmek (CTJ)» atly bäş ýyllyk taslamasynyň üstünlikli tamamlanmagyny belleýär. Bu taslama Merkezi Aziýanyň eksportyny ýeňilleşdirip, miwe we bakja, ulag we logistika hem-de syýahat pudaklarynda iş üpjünçiligi artdyrdy. Mundan başgada, taslama, bäsdeşlige ukyplylygy üstünlikli ýokarlandyrdy hem-de sebitde we daşarda bu pudaklarda söwdany artdyrdy. Bu barada ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) habar berýär.

USAID Innowasiýa gaznasynyň çäginde Merkezi Aziýadaky 34 sany innowasiýa taslamasyna 1,97 million amerikan dollary mukdarynda maýa goýdy. Innowasiýa gaznasynyň döredilmeginiň maksady miwe we bakja, ulag we logistika hem-de syýahat pudaklarynda işleýän hyzmatdaşlaryň eksportyny artdyrmak, işlerini ösdürmek we täze iş orunlary döretmek üçin innowasiýa başlangyçlaryna höweslendirmekdi. Innowasiýa gaznasynyň itergesi bilen hususy pudaga jemi 5,89 million amerikan dollar maýa goýuldy, netijede, 23 kompaniýada 634 sany täze iş orny döredildi we 13 firma 37 sany täze bazara önüm eksport etdi.

USAID Merkezi Aziýanyň bagbançylygynda-da möhüm üstünlikleri goldady. Mysal üçin, sebiti we önümlerini tanatmak üçin «Merkezi Aziýanyň tagamy» atly markasynyň ösdürilmegini goldady. Şeýle hem, Merkezi Aziýanyň miwe we bakja öndürijileri hem-de eksport edijileri öz içine alýan wirtual gollanma döredip, Ýewropaly we Aziýaly alyjylary bu Merkezi Aziýa kärhanalary bilen duşuşmaga hem-de gepleşik geçirmäge çagyrdy. Bu işewürlik wakalar, ýagny B2B duşuşyklar, 17,5 million amerikan dollarlyk şertnamalara sebäp boldy.

USAID Merkezi Aziýany syýahat etmäge höweslendirmek hem-de syýahaty ösdürmek üçin syýahatçylyk assosiýasiýalary, milli syýahatçylyk komitetleri we 400-den gowrak hususy pudagyň wekilleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işläp, syýahatçylyk markasyny döretdi. Bu marka dünýäde 24 million gezekden gowrak tomaşa edildi. USAID, «WideOyster Travel» žurnaly bilen hyzmatdaşlykda, dünýä derejesinde tanalýan onlaýn syýahatçylyk platformasynda Merkezi Aziýanyň ýörite neşirini döretdi.

Mundan başga-da, USAID sebiti öwrenmek üçin syýahatçylara ylham bermek maksady bilen Merkezi Aziýanyň syýahatçylyk ýerleriniň ýokary hilli 3D panoramik kartalaryny taýýarlady. Kartalar dünýäde iki milliondan gowrak tomaşa edildi. USAID, şeýle hem, bir milliondan gowrak syýahatçylara ýeten 31 sany täze trekking ugurlary barada jikme-jik beýany döretdi we neşir etdi. Bu goldaw, «Lonely Planet» žurnalynyň Merkezi Aziýany 2020-nji ýylyň ýanwar aýy üçin dünýäniň iň gowy syýahat sebiti diýip atlandyrmagyna goşant goşdy.

USAID Merkezi Aziýanyň iň uly 150 sany ulag we logistika kärdeşler arkalaşyklaryndan we hususy kompaniýalaryndan ybarat bolan Ulag we Logistika Hyzmatdaşlygyny döretdi. Bu hyzmatdaşlyk, söwda päsgelçiliklerini aýyrmak, harytlaryň akymyny gowulandyrmak, sebitdäki bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak hem-de ulag we logistika pudagynda iş üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin hökümetiň özgertmelerini alyp barmagyny goldaýan hususy pudagyň tarapdarlaryna işjeň goldaw berdi.

Bäş ýylyň dowamynda, USAID-iň bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlaryny döretmek (CTJ) taslamasy Merkezi Aziýa sebitiniň söwdasyny artdyrmak maksady bilen her ýyl geçirilýän Merkezi Aziýanyň Söwda Forumyny gurnady. Bu wagtyň dowamynda, forum esasy söwda temalaryny ara alyp maslahatlaşmak we sebitleýin söwdany ösdürmek maksady bilen hyzmatdaş bolmak üçin, bäş ýylyň dowamynda 16,000-den gowrak işewür wekilini we wezipeli adamlary özüne çekip meşhur marka öwrüldi. Forumlarda we işewürlik çärelerinde rekord derejede şertnama baglanşylyp, olaryň jemi 88 million amerikan dollardan gowrak boldy.

2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda, USAID täze bäş ýyllyk, Merkezi Aziýanyň bäş döwletinde ýerine ýetiriljek 19 million amerikan dollarlyk Merkezi Aziýa Söwda taslamasyny yglan etdi. Ösüşi çaltlaşdyrmak maksady bilen gümrük we serhet proseduralaryny sazlaşdyrmak, döwlet-hususy gepleşikleri ýokarlandyrmak we işewürlik bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin, USAID-iň Merkezi Aziýa Söwda taslamasy söwda, kärhanalary ösdürmek we sebit aragatnaşygyny goldamak ýaly öňden ýerine ýetirilip gelinýän işleriniň dowamy bolup durar.

 

“Teknofest-2022” atly tehnologiýa bäsleşigine kabul edişlik başlady

Ýene-de okaň

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

“Bloomberg”: Mask 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ilkinji adam

“SpaceX” dünýädäki iň gymmatly hususy startap kompaniýasy boldy