Ulag we aragatnaşyk pudagynyň 2022-nji ýylda jemi içerki önümdäki paýy 8,8 göterim bolup, onuň işi ilatymyzyň ýükleri daşamak we ýolagçylary gatnatmak hem-de kommunikasiýa hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, üstaşyr ýük we ýolagçy dolanyşygyny artdyrmaga, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
2022-nji ýylda ulaglaryň ähli görnüşiniň ýük dolanyşygy 50,0 milliard t-km deň bolup, 1991-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 32,0 göterim ösüş gazanyldy. 2022-nji ýylda ýolagçy dolanyşygy 29,5 milliard ýolagçy km deň bolup, 1991-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2,8 esse artdy.
Ýurdumyzda döwletiň gatnaşmagynda döredilen «Altyn asyr», «Türkmen hemrasy», «Aşgabat şäher telefon ulgamy», «Türkmentehnogurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri tarapyndan ilatymyz ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün edilýär. Bu paýdarlar jemgyýetleri bilen bilelikde, hususy eýeçilikdäki kärhanalar hem ilata edilýän hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga, olaryň hilini ýokarlandyrmaga işjeň gatnaşýarlar. «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Türkmenistan awiakompaniýasy», «Demirýollary», «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi», «Awtomobil ulag hyzmaty», «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» we «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri ulag ulgamynda ýük we ýolagçy gatnatmakda öňdebaryjy orunlary eýeleýär.
Bu görkezijiler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowyň türkmen metbugatynda çap edilen makalasynda bellenilip geçilýär.
