Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzdan çar tarapa uzaýan awto- ulag ýollary, howa we demir ýollary hem halkymyzyň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Bu ýollaryň umumadamzat gatnaşyklarynda ylalaşygy üpjün etmekdäki, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ornuny hiç bir zat bilen ölçäp bolmaz.
Arkadagly Serdarymyz halkymyzyň rowaçlygyny, ata Watanymyzyň abadançylygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitläp, ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, oňa öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň we iň gowy dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda kesgitleýär. Türkmenistanyň haryt öndürijileriniň halkara söwdasyna gatnaşmagy üçin amatly şertleri döretmek hem-de ýurdumyzyň kärhanalarynyň netijeli täjirçilik işini üpjün etmek maksady bilen, söwda we maglumat üpjünçiligi hyzmatlary yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Söwda ulgamynyň ösüşinde ulag pudagynyň ähmiýeti uludyr. Türkmenistan milli ulag düzümini döretmek, ösdürmek we kämilleşdirmek babatda Garaşsyzlyk ýyllarynda milli we halkara taslamalaryň ençemesini durmuşa geçirdi. Munuň üçin ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar ýerine ýetirildi.
«Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlar boýunça halkara ähmiýetli köp şahaly üstaşyr ýollar Türkmenistan üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň çäklerinden halkara geçelgeleriň birnäçesi geçip, Türkmenistan döwletimiziň sebitde ulaglaryň dürli görnüşleriniň iri gatnawlar merkezi hökmünde çykyş etmegine esas döredýär.
Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda has amatly demir ýol gatnawyny ýola goýmaga şert bolup durýar. Bu halkara demir ýol geçelgesi Pars aýlagyna we Ýewropanyň, Russiýanyň hem-de Hytaýyň bazarlaryna çalt we ygtybarly baryp ýetmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanda ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuna aýratyn orun degişlidir.
Gojaman Hazar deňzi eziz Diýarymyzyň goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklaryny ösdürmekde aýratyn orun tutýar. Bu gün sebitde iň iri portlaryň biri bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan Hazarýaka döwletleriň portlaryna yzygiderli gatnawlar amala aşyrylýar. Bu port Hazar deňzi sebitinde ýerleşýän portlaryň arasynda üstaşyr ýükleri geçirmekde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.
Türkmenistany geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulyşy ýaly, ýurdumyz ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna maýa serişdelerini goýar. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda esasy maýa goýum awtomobil, howa, demir ýol, derýa we deňiz gatnawlaryny ösdürmäge, awtomobil ýollaryny gurmaga, telekommunikasiýa, poçta-elektroaragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň geosyýasy ýerleşişinden we üstaşyr ulag amatlyklaryndan has netijeli peýdalanyp, ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmaga, täze üstaşyr geçelgeleri döretmäge gönükdiriler.
Mälim bolşy ýaly, ulag diplomatiýasy biri-biri bilen ýakyndan baglanyşykly bolan birnäçe ugry özünde jemleýär. Muňa ýurduň üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmek babatda çäkdeş ýurtlar bilen ylalaşyklary baglaşmak, zamanabap awtomobil, demir ýollary gurmak, howa we deňiz-derýa gatnawlaryny döretmek, şol ýollardan üstaşyr ýükleri we ýolagçylary gatnatmagyň şertlerini ylalaşmak ýaly ugurlary mysal getirmek bolar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gaýtadan dikeltmekde, ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmekde ynamly ädimleri ätmäge mümkinçilik berýär.
Sylap Atamyradow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.
