Häzirki zaman ulag ulgamynyň döwletleriň, jemgyýetleriň, tutuş adamzadyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyz diňe tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary bilen dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekmän, eýsem, Ýewraziýanyň strategik üstaşyr geçelgelerini üpjün etmek üçin döwrebap ulag düzümini amatly peýdalanmaga hem mümkinçilik döredýär. Türkmenistan döwletimiz yklymyň esasy ýollarynyň, Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşýär.
Eziz Diýarymyzdan birnäçe sebitlere, dünýä ummanyna çykalgalar bar. Döwletimiz tebigy taýdan döredilen bu şertlerden oňaýly peýdalanyp, öz geografik ýagdaýyny agzybir halkymyzyň eşretli durmuşynyň bähbitlerine gönükdirmegi maksat edinýär.
Halkara deňiz porty ýurdumyza şeýle hem goňşy döwletlere, Ýewropa ulag-logistiki gatnaşyklaryň giň geriminiň açylmagyna mümkinçilikleri döredýär. Şeýlelikde, bu ugurda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňzinde bar bolan tebigy baýlyklar meselesini hem-de ulag üstaşyr geçelgeleriň ýola goýulmagy dogrusyndaky halkara derejesinde amala aşyrylmaly işler babatda halkara forumlarydyr maslahatlar ýygy-ýygydan geçirilýär.
Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän ata Watanymyzda ulag ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen meseleler dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Bu babatda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnamalar hem şaýatlyk edýär.
Ýurdumyz dünýäniň ähli döwletleri bilen ikitaraplaýyn deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini işjeň ösdürýär. Awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny işjeňleşdirmek bilen, «Demirgazyk – Günorta», «Gündogar – Günbatar» ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Ol Ýuwaş ummanyndan Hazar deňzine we Gara deňze çenli, Ýewropanyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi öz içine alýar.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň barha ösdürilýändigini hem-de bu ugurda halkara başlangyçlarynyň gün tertibinde işjeň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny görmek bolýar. Muňa golaýda milli Liderimiziň Hytaý Halk Respublikasynyň guramagynda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna sanly ulgam arkaly gatnaşmagy aýdyň şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda ulag meselesi boýunça ählumumy dialogy ýola goýmak başlangyjy bilen çykyş edip, BMG bilen bilelikde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty Aşgabatda üstünlikli gurady. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen ählumumy forum Durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara ulag ulgamyny ösdürmek boýunça giň halkara gatnaşyklaryň täze tapgyryna badalga berdi.
Umuman, hormatly Prezidentimiz bu ugurda sebit we dünýä ähmiýetli başlangyçlary, teklipleri öňe sürýär. Şonuň esasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Ulag ulgamlarynyň batly depginlerde ösdürilmegi täze durmuş-ykdysady şertleriniň döredilmegine, işewür we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňelmegine, goňşy ýurtlar, şeýle hem dünýäniň beýleki döwletleri we halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine ýardam edýär.
Oguljan Muhammetnyýazowa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
“Umumy tehniki dersler” kafedrasynyň mugallymy.
