SPORT

UEFA Çempionlar ligasy: Messiden soňra Ronaldo hem şowsuzlyga uçrady

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda ilki başda Lionel Messiniň “PSŽ” topary, soňra bolsa Kristiano Ronaldonyň “Mançester Ýunaýted” topary hem utulyp, ýaryşdan çekildi.

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary bilen Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” topary duşuşdy. Ilkinji duşuşykda topar 1:1 hasabynda deňme-deň oýnapdy. Jogap duşuşygynda “Atletiko Madrid” topary 1:0 hasabynda ýeňip, bir soňky tapgyra çykmagy başardy.

Duşuşygyň 41-nji minutda Renan Lodiniň geçiren goly bilen “Atletiko Madrid” toparynyň tälimçisi Diego Simeone Ronaldodan üstün çykdy.

Şeýlelikde, Kristiano Ronaldo 16 ýyldan soňra möwsümi kubok alman tamamlaýar.

Çempionlar ligasynyň beýleki duşuşygynda “Aýaks” bilen “Benfika” toparlary duşuşdy. Bu toparlaryň arasyndaky 2 duşuşyk hem deňme-deň tamamlandy. Netijede, “Benfika” indiki tapgyra çykdy.

1/4 FINALA ÇYKMAGA HUKUK GAZANAN TOPARLAR

“Real Madrid”
“AtletiKo Madrid”
“Bawariýa”
“Benfika”
“Mançester siti”
“Liverpul”
(“Ýuwentus” – “Wilýareal”)
(“Çelsi” – “Lill”)

 

Prezident saýlawlary: Daşary ýurt habar beriş serişdelerinde beýan edildi

Ýene-de okaň

Aziýa Kubogy-2027: Türkmenistan Şri-Lankany 2:1 hasabynda utdy

Kabo-Werde ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy

14-nji oktýabrda Türkmenistan Şri-Lankany kabul eder

Müsür dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy

Aziýa Kubogy-2027: Türkmenistan Şri-Lanka bilen duşuşar

Ronaldo taryhdaky ilkinji milliarder futbolcy boldy