JEMGYÝET

Üçünji «Ählumumy Günortanyň sesi» sammiti geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanow Hindistan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan wirtual görnüşde guralan üçünji «Ählumumy Günortanyň sesi» sammitiniň ministrler mejlisine gatnaşdy.

Dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň wekillerini jemlän sammitiň umumy temasy «Durnukly gelejek ugrunda Ählumumy Günortanyň mümkinçiliklerini giňeltmek» boldy. Çäräniň maksady özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we ösüp barýan ýurtlaryň derwaýys meselelerini çözmek boýunça anyk teklipleri işläp düzmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow öz çykyşynda bu çärä gatnaşmaga çakylygy üçin hindi tarapyna sagbolsun aýtdy hem-de bitaraplyk we bilelikdäki parahatçylykly ýaşaýyş ýörelgeleri esasynda konstruktiw hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň garaýşyny tassyklady.

Türkmenistanyň ulag we energetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi maksat edinýändigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary