SPORT

TÝL-2024: Ilkinji ses berlişik dowam edýär

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy milli  çempionatyň 20-nji tapgryndan başlap, iň owadan gollaryň ses berlişigini guraýar.

Janköýerler islän goluna Federasiýanyň jemgyýetçilik torlaryndaky sahypasy arkaly ses berip bilerler.

«Tapgyryň iň owadan goly» atly ses berlişikde bu ada dalaşgärleriň arasynda Abdyresul Abdyýewiň («Merw»), Musa Nurnazarowyň («Şagadam»), Galabeg Jumamyradowyň («Köpetdag»), Röwşengeldi Halmämmedowyň («Altyn Asyr»), Elman Tagaýewiň («Ahal»), Perman Hallyýewiň («Merw») we Ilýa Tamurkiniň («Arkadag») geçiren gollary bar.

Iň köp ses alan futbolçy «Iň owadan gol» atly baýraga mynasyp bolar. Ses berlişik ertir gündiz sagat 14:00-da tamamlanar.

Futbol janköýerlerini şu salga girip, mynasyp gola ses bermäge çagyrýarys.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler