MEDENIÝET

TÜRKSOÝ Amangözel Şagulyýewanyň doglan güni üçin kitap çap etdi

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň meşhur döredijilik işgäri, Türkmenistanyň Gahrymany, ussat şahyr Amangözel Şagulyýewanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dabara geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Sekretariatynda Türkmenistanyň resmi wekili L.Öwezgeldiýewa öz çykyşynda şahyryň her bir kitabynyň onuň içki dünýäsiniň öwüşgininiň, ýaşaýşa bolan höwesiniň, mähriban halkyna hem-de halkymyzyň taryhyna bolan çäksiz söýgüsiniň mizemez nyşany bolup durýandygyny belläp, doglan gününiň hormatyna “Türki dünýäde zenan we kelam” atly goşgular ýygyndysynyň dokuz dilde — türkmen, azerbaýjan, gazak, gyrgyz, özbek, türk, iňlis, fransuz we rus dillerinde çap edilendigini habar berdi. Ol bu kitabyň ilkinji nusgasyny A.Şagulyýewa gowşuryp, şahyryň täze kitabynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halklary, döwletleri we medeniýetleri birleşdirýän özboluşly köpri hökmünde parahatçylygyň owazy bolup ýaňlanmagyny arzuw etdi.

Umuman, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Gahrymany, ussat halypa şahyr A.Şagulyýewanyň doglan güni mynasybetli dabara ýokary derejede geçirildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda milli medeniýetimize we edebiýatymyza çuňňur sarpa goýulýandygynyň, görnükli şahsyýetlerimiziň mertebesiniň belende göterilýändiginiň, döredijilik işgärleriniň Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerine, olaryň durmuş ýolunda ýeten sepgitlerine mynasyp baha berilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalyna öwrüldi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi