BIZNES

«Türkmentel ─ 2023» atly halkara sergisi başlady

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bilelikde Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel ─ 2023» atly halkara sergisi öz işine başlady. Onuň işine “Ata Watan Media” topary hem gatnaşýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylaryna Gutlag hatyny iberdi. Şol hatda: “Ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň ähmiýeti örän uludyr. Bu foruma telekommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň we işewürleriniň gatnaşmagy muny aýdyň görkezýär” – diýlip bellenilýär.

 Sergä we ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýän daşary döwletleriň onlarçasyndan 30-a golaý kompaniýalar, şeýle hem «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň, hojalyk jemgyýetleriň, hususy kärhanalaryň we telekeçileriň 40-a golaýy  hasaba alyndy.

Türkmenistanyň aragatnaşyk we teleradioýaýradyş ulgamlaryny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyga isleg bildirýän kompaniýalaryň  teleradioýaýlymlary hemra aragatnaşyk ulgamlary arkaly dünýä ýurtlaryna ýaýratmak we göni ýaýlyma çykmak, öýjükli aragatnaşyk ulgamlarynyň ýokary hilli, iň kämil enjamlary, ýokary tizlikli geçiriji aragatnaşyk enjamlary, şeýle hem iri daşary ýurt kompaniýalarynyň öýjükli aragatnaşyk ulgamynda halkara aragatnaşyk, internet hyzmatlaryny amala aşyrmak boýunça taslamalary serginiň myhmanlaryna hödürlenlenýär.

Ýene-de okaň

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: içerki bazarlarda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny döretmek

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: täze awtomobil ýollary gurlar

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýylyň iş meýilnamasy: “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrlary özleşdiriler

«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda durnukly islege eýe bolýar

«Dokma» onlaýn söwda meýdançasy önümleriň giň görnüşlerine elýeterliligi artdyrýar

2026-njy ýylda Türkmenistanda 41,2 milliard manat möçberinde maýa goýumlary özleşdiriler