BIZNES

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň täze edara binasy gurlar

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň täze merkezi edara binasy gurlar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň täze edara binasy 5 gatdan ybarat bolar. Täze desgada iş we tehniki serwer otaglary, müşderileri bilen işlemek üçin operatorlaryň iş otaglaryny we mejlisler zalyny ýerleşdirmek we olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, häzirkizaman aragatnaşyk ulgamyny gurnamak, işgärler üçin ähli amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar.

2,24 gektar meýdandaky desganyň çäginde tehniki we kömekçi binalary, sport meýdançasyny rezerwuary, tehniki desgalary we awtoduralgany ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.

Bu taslamanynyň durmuşa geçirilmegi poçta hyzmatlaryna sanly ulgamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder