DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçihanasy Yslamabadda golf ýaryşyny gurnady

2025-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýoldaşlyk golf ýaryşyny we baýramçylyk kabul edişligi gurnady. Çäre Yslamabatdaky “Pines Golf Club” klubynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde geçirildi.

Ýaryşa Pakistanda akkreditlenen Ilçiler, diplomatlar we pakistanly ezber golfçylar gatnaşdy.

Ýaryş dostluk, sport bäsdeşligi we birek-birege hormat goýmak ruhunda geçdi.

Sport ýaryşyndan soňra Türkmenistanyň Ilçihanasynyň adyndan iň gowy netijeleri görkezen oýunçylara ýaryşa gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk nyşany hökmünde ýadygärlik baýraklar we sowgatlar gowşuryldy.

Soňra baýramçylyk кabul edişlik gurnalyp, oňa Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň Goşmaça sekretary Hamid Asgar Han esasy myhman hökmünde gatnaşdy.

Myhmanlar çäräniň ýakymly we dostlukly ýagdaýda geçendigi, onuň ýokary derejede gurnalandygy hem-de Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer we diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygy barada bellediler.

Şeýle hem, bu çäre Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň sagdyn durmuş ýörelgesini ilerletmek boýunça alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmegiň aýdyň mysalyna öwrüldi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi