JEMGYÝET

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, arzuwlaryny iberdi.

“Siziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatyňyz netijesinde, Özbegistan Respublikasy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Häzirki wagtda Özbegistanda halkyň durmuş derejesini, ýurduň dünýä ýüzündäki abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda nygtaýar.

“Siziň baştutanlygyňyzda Özbegistan Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşinde we halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny bellemek guwandyryjydyr. Häzirki wagtda döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, soňky ýyllarda netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä ýetendigini aýratyn nygtamak isleýärin” diýlip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň gutlag hatynda bellenilýär.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri