JEMGYÝET

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi.

«Siziň işiňiz hormatly we jogapkärli işdir. Şol işiň netijeleri dünýäniň tehnologik ösüşine, bütin adamzadyň durmuşynyň gowulanmagyna saldamly goşant goşýar» diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Oleg Kononenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, kosmonawtikada uly öňegidişlikleri gazanmak üçin täze sepgitleriň we mümkinçilikleriň açylmagyny arzuw etdi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

«Siz ömrüňizi kosmosy öwrenmäge, älem-jahana akyl ýetirmäge we ylmy ösdürmäge bagyşladyňyz. Biz Türkmenistanda siziň uçuşyňyzy hem-de üstünlikleriňizi ruhubelentlik bilen synlaýarys. Kosmosda bolýan wagtyňyzda hem siziň Türkmenistana bolan söýgiňizi we aýratyn ünsüňizi görmek bizi begendirýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz gutlag hatynda belledi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Oleg Kononenko berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, ähli maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy