JEMGYÝET

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Abaý oblastynda emele gelen giň gerimli tokay ýangynlary we olaryň adam pidalaryna getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çeken sebitlere bolsa tiz wagtda dikelmegi baradaky dileglerini beýan etdi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe iberen hatynda ýurduň Abaý oblastyndaky giň gerimli tokay ýangynlary we bu pajygaly ýagdaýyň adam pidalaryna getirendigi baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belledi.
“Şu agyr pursatda biz Siziň bilen öwezini dolup bolmajak ýitginiň gynanjyny paýlaşýarys, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjymyzy beýan edýäris, ejir çeken sebitlere bolsa tiz wagtda abadan durmuşa gaýdyp gelmegini arzuw edýäris” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri hatynda belledi.

Ýene-de okaň

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy