JEMGYÝET

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2021-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi.

Mejlisiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Gylyçmyrat Hallyýewi başga işe geçmegi sebäpli bu wezipeden boşatdy. Ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine Guwançmyrat Ussanepesow bellendi. Şeýle hem 3-nji hünär derejeli Ussanepesowa 2-nji hünär derejesi berildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesinde abraýly zähmet çekendigi üçin Gylyçmyrat Hallyýewe “Türkmenistanyň at gazanan ýuristi” diýen hormatly ady dakdy.

Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde bu barada degişli Kararlara gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanlary:

  • Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda karar edýärin. Gylyçmyrat Hallyýewi başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly.
  • Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda karar edýärin. Guwançmyrat Atamyradowiç Ussanepesowy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine bellemeli.
  • Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda karar edýärin. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy 3-nji hünär derejeli Guwançmyrat Atamyradowiç Ussanepesowa 2-nji hünär derejesini bermeli.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Okap bilersiňiz  Bezosyň baýlygy 200 milliardy geçdi

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda awtobuslaryň käbiriniň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgedilýär

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi

Balkan we Daşoguz welaýatlaryna täze prokuror bellendi