BILIM

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hojalyk hasaplaşygyna geçer

Öňümizdäki üç ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň amaly ylmy-barlag edaralary tapgyrlaýyn hojalyk hasaplaşygyna geçiriler. 8-nji fewralda bolan iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz akademiýanyň ýolbaşçysyna bu babatdaky çäreleriň meýilnamasyny gyssagly taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Nygtalyşy ýaly, ylmy-tejribe işlerini geçirmekde sanly aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly beýleki döwletleriň ylmy edaralary, halkara uniwersitetleri hem-de abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerurdyr. Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ulanylýan önümleriň, materiallaryň has täze we ykjam görnüşlerini öndürmek, önümçilik usullaryny kämilleşdirmek boýunça ylmy-tejribe işlerini gurap, pudaklar üçin teklipleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz 2024-nji ýylda türkmen halkynyň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýyl dolýandygyny belläp, bu şanly senäni ýokary derejede belläp geçmek üçin häzirden taýýarlyk görüp başlamalydygyny aýtdy hem-de bu ugurda halkara derejesinde tanyşdyryş dabaralaryny, maslahatlary we bäsleşikleri geçirmegi meýilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz ykdysady ösüşde tehnologiýalaryň möhümdigini göz öňünde tutup, innowasiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribäni önümçilige giňden ornaşdyrmak üçin döwrebap ylmy-amaly barlaglary geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Alymlaryň öňünde birnäçe möhüm wezipeler — Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ýetilen belent sepgitleri we gazanylan üstünlikleri ylmy taýdan düýpli öwrenmek, Ylymlar akademiýasynyň, beýleki bilim edaralarynyň alymlarynyň, professor-mugallymlarynyň, talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmaga goldaw bermek boýunça wezipeler goýuldy.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar

Türkmenistanyň okuwçylary STEM olimpiadasyna gatnaşýarlar

Türkmen ýaşlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim alyp bilerler