BIZNES

Türkmenistanyň welaýatlarynda mineral dökünler üçin ammarlar gurlar

Lebap we Mary welaýatlarynyň etraplarynyň birnäçesinde mineral dökünleri saklamaga niýetlenen täze, döwrebap ammarlary gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow oba hojalyk önümlerini öndürijileri mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini karbamid, fosfor, kaliý dökünleri, ammiak selitrasy bilen üpjün edýär. Mineral dökünleri ammarlarda bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak hem-de dökünleriň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen, ýörite ammarlary gurmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Lebap we Mary welaýatlarynyň etraplarynyň birnäçesinde mineral dökünleri saklamaga niýetlenen täze, döwrebap ammarlary gurmagyň maksadalaýyk hasaplanýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan Lebap we Mary welaýatlarynda mineral dökünleri saklamaga niýetlenen ammarlary gurmak boýunça degişli işleriň geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy