Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde ulag we logistika pudagyna degişli birnäçe forumlar guraldy. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem işjeň gatnaşdy.
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Stambul şäherinde geçirilen “Guşak ýol we orta geçelge” atly halkara kongresiň çäklerinde Türkmenistanyň güni hem guraldy.
Stambul şäherindäki foruma Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Hytaýyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylary we ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Kongrese dünýäniň dürli künjeklerinden 500-den gowrak myhman gatnaşdy, şol sanda abraýly ulag we logistika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, Aziýadan we Ýewropadan gelen telekeçiler gatnaşdy.
Halkara kongresiň esasy mowzugy ýük daşamak pudagyndaky gatnaşyklary ösdürmekden, ýurtlaryň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Forumyň umumy mejlisinde çykyş eden türkmen wekiliýetiniň wekilleri Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar taslamalarynyň çäginde Türkmenistanyň halkara ulag logistikasyny ösdürmek ugrundaky başlangyçlary barada giňişleýin maglumat berdiler.

Şeýle hem bu forumyň çäklerinde Türkmenistanyň güni hem-de Türkmenistanyň ykdysady ösüşine bagyşlanan ýörite sessiýalar guraldy.
Bu forumlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde ulag ulgamynda öňe süren başlangyçlary barada bellenilip geçildi.
Şeýle hem bu kongresiň çäklerinde Türkmenistanyň Ankara şäherindäki ilçihanasynyň hem-de Stambul şäherindäki Baş konsullygynyň ýakyndan goldaw bermeginde Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerini hem-de baý medeni mirasyny açyp görkezýän diwarlyk gurnaldy.
