DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary

2025-nji ýylyň 22-26-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidentiniň A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad we Mekke şäherlerine sapary amala aşyryldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Saparyň dowamynda Patyşa Abdylaziz adyndaky ylmy merkezi bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat guraldy.

Ylmy maslahatyň işine Saud Arabystany Patyşalygynyň medeniýet we ylym boýunça döwlet edaralarynyň wekilleri, alymlar we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň çäklerinde Patyşa Abdylaziz adyndaky ylmy merkeziň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Şeýle hem Saud Arabystany Patyşalygynyň Ylmy-barlag we gözlegler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Mekke şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary «Haram al-Mekki el-Şerif» kitaphanasynyň we Mukaddes Kuran-kerem muzeýiniň işi bilen tanyşdylar.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi