JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystana sapary: iri logistika merkezi dörediler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystanda saparda boldy. Owganystanyň senagat we söwda ministri Nuriddin Azizi bilen gepleşikler geçirildi.

Owganystanyň Senagat we söwda ministrliginiň habar bermegine görä, iki ýurduň strategik ýerleşişi göz öňünde tutulyp şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alşyldy.

  • Owganystanyň eksport harytlaryna ýeňillikli nyrhnamalar ulanmak
  • Owganystandan mermmer, hek daşy, daş sementi we beýleki mineral daşlary eksport etmegiň möçberini artdyrmak.
  • Iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmek.
  • Owganystanyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda üçtaraplaýyn üstaşyr ylalaşyk.
  • Turgundi şäherinde bilelikdäki iri logisitka merkezini döretmek.
  •  Owganystanda demirýol infrastrukturasyny ösdürmek.
  • Türkmenistanyň nebiti we gazyny Owganystan eksport etmek.
  • iki ýurduň arasynda bank gatnaşyklaryny ýol goýmak.

Şeýle hem bu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň, Owganystanyň we Gazagystanyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Onda Owganystanyň ulag infrastrukturasyny ösdürmek, Merkezi Aziýa, Günorta Aziýa we Hytaýyň arasynda aragatnaşygy gowulandyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy