2025-nji ýylyň iýun aýynyň 23-ne Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekillerinden ybarat toparyň Germaniýa Federatiw Respublikasynda tanyşlyk iş sapary başlandy. Bu tanyşlyk iş sapary 2025-nji ýylyň 23–28-nji iýuny aralygyny öz içine alyp, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan “Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024–2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler” atly taslamanyň çäklerinde geçirilýär.
Tanyşlyk iş saparynyň maksady – Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanyň “ýaşyl” ösüşine goldawy bolan, bu taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň we Ýewropanyň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak göz öňünde tutulýar. Şu jähtden ugur alyp, bu iş saparynyň esasy maksady özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek, türkmen we nemes taraplarynyň arasynda ylym-bilim babatda tejribe alyşmaga ýardam etmekdir. Has takygy, iş saparynyň çäginde ylmy barlaglar babatda tejribe we bilim alyşmak maksady bilen, Germaniýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri, ýagny Klaustal tehniki uniwersiteti we Martin Lýuter adyndaky Galle-Wittenberg uniwersiteti bilen geljekki özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalaryň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşmakdyr. Şeýle hem, bu ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň esasy wezipesi uglerod gazyny azaltmak, gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek we energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň howa maksatlaryna ýetmäge ýardam edýän durnukly ekologiýa çözgütlerini ösdürmek üçin öňdebaryjy ýaşyl tehnologiýalary öwrenmekde tagallalary birleşdirmekdir.
Iş saparyň birinji güni türkmen wekilýeti Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň (Auswärtiges Amt) wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş bilen baglylykda, Germaniýanyň halkara energetika hyzmatdaşlyk strategiýalary hem-de bu ugurda, özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiligine ähmiýet bermek, energiýa tygşytlaýyş çärelerini durmuşa geçirmek, energetika ulgamyna häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrmak we bu ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Germaniýanyň Ykdysady gatnaşyklar we Howanyň üýtgemegi boýunça hereketler federal ministrliginiň (Bundesministerium für Wirtschaft und Klimaschutz) wekili bilen hem duşuşyklar geçirildi.