DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti XV Bütindünýä tokaý Kongresine gatnaşdy

Seul şäherinde ministrler derejesindäki XV Bütindünýä tokaý Kongressi öz işine başlady. Kongressiň açylyş dabarasyna Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In hem gatnaşdy.

Halkara maslahata dünýäniň 144 ýurdundan degişli pudaklaryň 33 sany ministrleri we orunbasarlary, şeýle-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýet, Seul şäherinde ýerleşýän daşary ýurtlaryň Ilçileri we diplomatlary umuman alanyňda 12,500 töweregi wekil agzalary gatnaşdylar.

Kongressiň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň tokaý gullugynyň ýolbaşçysy Çoi Býuňyň we Merkezi Aziýa döwletleriň oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Koreýa we Merkezi Aziýanyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyk” atly plenar mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň sanly ulgam arkaly çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ulgamlarda “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrmak, hususan-da ekologiýa diplomatiýasyny öňe sürmek bilen, daşky gurşawy goramak döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biridir diýip belledi.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamana berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

XV Bütindünýä tokaý Kongressiň işi şu ýylyň 6-njy maýyna çenli dowam eder.

 

 

Türki Döwletleriň Guramasy: mugallymlaryň alyş-çalyş maksatnamasy

Ýene-de okaň

Merkezi Aziýa-Russiýa zenanlar dialogyna taýýarlyk görlüp başlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Rumyniýa sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyk eder

Prezident Tramp : H-1B wiza maksatnamasy barada

Kerki etrabynda migrasiýa gullugynyň täze döwrebap edara binasy açyldy

Türkmenistan bilen Monako älem giňişligi boýunça hyzmatdaşlyk eder

Kanada Türkmenistana täze ilçi belledi