DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşýar

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýeti 24-nji Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşýar.

Russiýanyň iri şäheri bolan Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän halkara ykdysady forumyň çäklerinde Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy. Bu barada Sankt-Peterburg şäheriniň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

“Wodokanal Sankt-Peterburg” kabul edişler zalynda geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen Sankt-Peterburgyň arasyndaky senagat pudagy bilen bir hatarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

2020-nji ýylyň fewralynda Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda bolupdy. Şondan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenipdi.

– Sankt-Peterburg Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär. 2020-nji ýylda birnäçe möhüm resminamalara, şol sanda hyzmatdaşlyk boýunça “ýol kartasyna” gol çekildi. Şeýle hem 2025-nji ýyla çenli bilelikdäki hereketleriň Meýilnamasyna hem gol çekildi – diýip, Aleksandr Beglow belläp geçdi.

Peterburgyň kompaniýalary Türkmenistanda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine i’jeň gatnaşýar. Şu ýylyň maýynda Peterburgyň wekilçilikli topary Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk dabaralaryna gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýeti “Wodokanal Başnýasynda” guralan sergä aýlanyp gördüler. Bu ýerde şäheriň iri kompaniýalarynyň işi görkezilipdir.

 

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Täjigistan medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrar

Türkmen-rus parlamentara dostluk toparlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

Ýewropa Parlamentinde türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan mejlis geçirildi

Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap ýurtlarynyň duşuşygyna taýýarlyk görülýär

Ermenistan Türkmenistanyň tebigy gazyny almaga gyzyklanma bildirýär

Rigada türkmen-latwiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi