DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Gruziýada ikiçäk duşuşyklar geçirdi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti Gruziýanyň Tbilisi şäherinde geçirilen Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy. Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu foruma gatnaşan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktorynyň orunbasary B.Annaýew birnäçe ikiçäk duşuşyklary geçirdi.

Hususan-da, türkmen wekiliýeti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary G.Guramişwili, Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň döwlet sekretary A.Fogis, “APM Terminalsyň” täjirçilik gatnaşyklary boýunça direktory Z.Çhartişwili, “MSC Georgianyň” dolandyryş direktory A.Aliçik bilen duşuşyklar geçirdi.

Duşuşyklarda söwda-ykdysady, ulag-energetika we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we giňeltmek babatda pikir alşyldy. Şeýle hem “Hazar deňzi-Gara deňiz” ulag üstaşyr geçelgesi taslamasyna aýratyn üns berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy