2021-nji ýylyň 23-nji iýunynda “Bir guşak, bir ýol” Başlangyjyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk boýunça Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti ýurtlarynyň ýokary derejeli maslahaty geçirildi.
“Durnukly ösüşiň maksatlarynda pandemiýa garşy göreşmek babatdaky hyzmatdaşlyga ýardam bermek” atly çäre Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň ýolbaşçylygynda geçirildi. Çärä Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti ýurtlarynyň, Merkezi Aziýanyň ýokary derejeli resmi wekilleri, şeýle-de halkara we sebit guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahat oňa gatnaşyjylara global pandemiýany nazara almak bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýollary barada öz garaýyşlaryny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Gün tertibine durnukly ösüş ugrunda ykdysady durnuklylygy saklamagyň we Ýaşyl Ýüpek Ýoluny ilerletmegiň meseleleri girizildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow maslahata gatnaşyjylara özüniň wideoýüzlenmesinde Türkmenistanyň bu ugurdaky garaýyşlaryny anyk beýan etdi. Ol pandemiýa garşy göreşmekde halkara tagallalara hemmetaraplaýyn ýardam bermäge döwletiň ygrarlydygyny tassyklady we bu ugurda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň utgaşdyryjy ornuny belledi.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy türkmen tarapynyň milli derejedäki hereketlerini beýan etdi hem-de lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ilerletmegiň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan iş ýüzündäki hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alym-lukmanlaryň Halkara forumyny geçirmegi maksat edinýär.
R.Meredow Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaş döwletleriniň arasynda ulag-üstaşyr gatnaşyklary ýeňilleşdirmek arkaly halkara söwda hereketlerine ýardam bermek bilen bir hatarda, global derejede ykdysadyýeti goldamagyň ähmiýetini nygtady.
Şeýle-de R.Meredow öz çykyşynda Pariž ylalaşygynyň düzgünlerine eýermegiň möhümdigini belledi hem-de Türkmenistanyň BMG we daşky gurşawy goramak babatdaky degişli guramalar bilen mundan beýläk-de işjeň hyzmatdaşlyk alyp barmagy maksat edinýändigini nygtady.