JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýoniýanyň daşary işler ministri Tekeşi Iwaýanyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşlikde taraplar syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iň ýokary syýasy derejedäki ynamly gepleşiklere esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellendi. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler Döwlet Baştutanlarynyň derejesinde ýetip gelýän ilkinji “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” sammitine bilelikdäki taýýarlygyň möhümdigini bellediler.

Taraplar iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler. Ýakyn geljekde geçiriljek Daşary işler ministrliginiň nobatdaky maslahatlarynyň gün tertibi boýunça pikir alyşdylar.

Ministrler söwda we ykdysady ugurda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini hem bellediler. Ýapon kompaniýalarynyň türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy, hususan-da “ýaşyl” energiýa, dekarbonizasiýa, gaz himiýasy we ş.m. ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyklarda ösüşler gazanylýar, bu ugurda bilelikdäki komitetleriň ykdysady hyzmatdaşlykda alyp barýan işleriniň ähmiýeti nygtaldy .

Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda boljak wakalar barada pikir alyşdylar. Şeýle hem 2025-nji ýylda Osakada geçiriljek Bütindünýä sergisiniň işine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

“Arkadag”- “Al-Nasr” duşuşygy: 500 sany meýletinçiler saýlanylyp alyndy

Saýlawlar boýunça saýlaw möwsümi başlady

Türkmenistan “Rona” atly eýran ýük gämisini halas etdi

Türkmenistanda aprel aýynda halkara matematika olimpiadasy geçiriler

Türkmenistanyň jemagat hojalyklaryna täze tehnikalar gelip gowuşdy