JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdşelik geçirildi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Aragatnaşyk müdirliginiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

iki dostluk ýurduň döwlet Baştutanlaryny söhbetdeşligiň barşynda birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutladylar. Döwlet Baştutanlary bu mukaddes baýramçylygyň ähli musulman dünýäsinde, şol san-da, ähli adamzada parahatçylyk, rowaçlyk hem-de bolelinlik getirmegini arzuw etdiler.

Şeýle hem telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar okgunly ösüşe eýe bolan Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar sebit hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşdylar.

Mälim bolşy ýaly, düýn dabaraly ýagdaýda açylan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde “TOGG” kysymly häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly elektromobiller Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine sowgat berildi.
 

Ýene-de okaň

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy