BILIM

Türkmenistanyň we Türkiýäniň bilim ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Türkiýe Respublikasynyň milli bilim ministri Ýusuf Tekiniň başlyklyk etmeginde Ankara şäherinde bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky türkmen-türk geňeşiniň 4-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkiýäniň Milli bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Iki ýurduň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlykda uly üstünlikleriň gazanylandygyny bellän türk ministri Türkiýede 30 müň töwereginde türkmen ýaşlarynyň bilim alýandygyny belledi.

Türkiýäniň milli bilim ulgamynda gazanan üstünlikleri barada belläp geçen ministr Ýusuf Tekin Türkmenistan bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdi.
Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew türkmen wekiliýetine görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň bilim ministri aprel aýynda Türkmenistanda geçiriljek halkara matematika olimpiadasyna türk mekdep okuwçylaryny gatnaşmaga çagyrdy.
Şeýle hem türkmen tarapy bilim ulgamynda täze ylalaşyklaryň gazanylmagy we durmuşa geçirilmegi babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belledi.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary