Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.
Dostlukly ýurduň lideri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagt we özygtyýarly Watanyň gülläp ösmegine hem-de türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen köp ugurly we jogapkärçilikli döwlet işlerinde we üstünlik arzuw edip, doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibindäki häzirki meseleler we sebit hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Konstruktiw syýasy gepleşikleriň we netijeli pudagara gatnaşyklaryň ösüşi kanagatlanma bilen bellendi. Özara söwdanyň mukdary barha artýar we Horezm-Daşoguz serhet zolagyny döretmek taslamasy bilelikde durmuşa geçirilýär. Energetika we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk çuňlaşdyrylýar. Oktýabr aýynda Özbegistanda Türkmen’stanyň Medeniýet günleri geçiriler.
Özbegistanyň we Türkmenistanyň Prezidentleri Merkezi Aziýada, şol sanda bar bolan köptaraplaýyn formatlaryň çäginde özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini ýakyn wagtda bellenilip geçiljek Garaşsyzlyk güni bilen hem tüýs ýürekden gutlady.
