JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Dostlukly ýurduň döwlet Baştutany iş sapary bilen Türkmenistana geldi.

Özbegistanyň Prezidentiniň resmi internet sahypasyna görä, duşuşygyň başynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Özbegistanyň Prezidentine duýgudaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, özbek halkynyň we onuň Lideriniň şu kyn günlerde ýitgi zerarly hasrat-gaýgyny paýlaşmagyna ýokary baha berýändigini hem-de hormat goýýandygyny belledi.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyga degişli meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Özbegistanyň Prezidenti milli Liderimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlap, munuň Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan syýasatynyň halkyň goldaýandygynyň ýene-de bir subutnamasy bolup durýandygyny belledi.

Taraplar pandemiýa sebäpli kyn günlerde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda ýokary depgininiň saklanyp galnandygyna kanagatlandyrma bildirdiler.

Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 3 esseden gowrak artyp, geçen ýylyň jemleri boýunça 530 million dollara deň boldy. 150-den gowrak bilelikdäki kärhanalar döredildi.

Şeýle hem söwda, maýa goýum, senagat, ulag, energetika, maşyngurluşyk, ýeňil we azyk senagaty, oba we suw hojalygy ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi babatda Aşgabat ylalaşygynyň bilelikde ilerledilmegi, şeýle hem Hytaý-Merkezi Aziýa-Günorta Kawkaz-Türkiýe ugry boýunça multimodal geçelgeleriň netijeli ulanylmagy babatda pikir alşyldy.

Özbegistanyň Prezidenti hormatly Prezidentimize Aşgabat şäherinde “Daşkent” seýilgähini döretmek baradaky başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany boljakdygyny belledi.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegi babatynda ýakyn wagtda Daşkentde türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek babatda ylalaşyldy.

 

Özbegistan “Sputnik V” sanjymyny öndürmekçi

 

Ýene-de okaň

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Prezidentine gutlagy