JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, gyrgyz tarapyna – Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew başlyklyk etdi.

Duşuşykda ministrler iki ýurduň arasynda söwda, ykdysady, maýa goýumlary, ulag we logistika, energiýa pudaklary, şeýle hem beýleki möhüm ugurlar hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Öňde boljak ikitaraplaýyn çäreleri iň ýokary derejede guramaga we geçirmäge, şertnama-hukuk binýadynyň giňeltmäge, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Şu nukdaýnazardan ministrler Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana (2021-nji ýylyň 27-28-nji iýuny) resmi sapary wagtynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň gidişine syn berdiler.

Geçirilen geňeşmelerden soň iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary R. Meredow we Ž.Kulubaýew 2025-2026-njy ýyllar üçin Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi