DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

2024-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşlikde taraplar syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryö okgunly depginine kanagatlanma bildirdiler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşyklarynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini gözden geçirdiler.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ýakyn wagtda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda duşuşyklary geçirmek ýaly hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler.

Ministrler iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň möhümdigini bellediler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň işine aýratyn üns berildi, bu toparyň nobatdaky 18-nji mejlisini ýylyň ahyryna çenli geçirilmegiň zerurdygyny belläp geçdiler.

Taraplar medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni ulgamyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm böleklerinden biridigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda bilelikdäki çäreleri geçirmek, şol sanda “Iran Agro Food” sergisi, çagalar dostlugy hepdeligi, şaý-sepler boýunça ussatlyk sapaklary we ş.m. çäreleri gurnamak boýunça ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Buharestde III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi

FIFA-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebit edarasy Daşkentde açylar

Türkmenistan bilen Eýran demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygy artdyrmagy ylalaşdylar

Ýaponiýada ilkinji gezek zenan Premýer-ministr bolup biler

Türkmenistan bilen Owganystan energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Ata Watan Eserleri

Özbek Lideri Donald Trampy Özbegistana çagyrdy