JEMGYÝET

Türkmenistanyň we BAE-niň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al-Nahaýýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlarda türkmen-emirlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy dünýä döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm goşant goşmaga gönükdirilen häzirki Bütindünýä hökümet sammitiniň ähmiýetini nygtady.

Diplomatlar Türkmenistanyň we BAE-niň daşary işler edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň netijeliligini bellediler. Halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde iki ýurduň biri-birine berýän özara goldawy nygtaldy.

Mundan başga-da, taraplar ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde şu ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi

Gazagystan Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentine gynanç bildirdi

Ata Watan Eserleri