JEMGYÝET

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Waşington şäherinde ABŞ-nyň daşary işler ministri Entoni Blinken bilen duşuşygy boldy. Bu barada ABŞ-nyň döwlet departamenti habar berýär.

Habar berlişine görä, duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar ýyllyk bilelikdäki geňeşmelere gatnaşdylar.

Şeýle hem taraplar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, metan gazynyň möçberini azaltmak ugrunda özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň bu ugurda oňyn ösüşler gazanýandygy bellenildi.

Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna seredip geçdiler.

Mundan başga-da, sebit meseleleri, howpsuzly babatda hyzmatdaşlyk, ykdysady mümkinçilikler boýunça gatnaşyklaryň artdyrylmagy ugrunda özara pikir alyşmalar boldy.

Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 2 aý mundan ozal hem duşuşypdy. Bu duşuşyk Merkezi Aziýa-ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň Astana şäherindäki duşuşygynyň çäginde bolupdy.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri