MEDENIÝET

Türkmenistanyň uly döredijilik topary Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gitdi

Biziň ýurdumyzyň Medeniýet günlerine we türkmenleriň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň uly döredijilik topary Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gitdi. Döredijilik çäresi 23-24-nji oktýabrda Aşgabat şäheri bilen doganlaşan Albukerke şäherinde bolar.

Wekiliýetiň düzüminde Medeniýet ministrliginiň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň, muzeý we kitaphananyň işgärleri, drama teatrlarynyň artistleri, aýdymçylar we «Dokmaçylar», «Aşgabat», «Ahal öwüşginleri» tans, folklor we etnografik toparlar bar.

Medeni çäräniň çäginde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň we döredijilik toparlarynyň konsertleri geçiriler. Bu çärede Amerikanyň tomaşaçylaryna türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti we däp-dessurlary görkeziler, şeýle hem muzeý gymmatlyklarynyň sergileri guralar, lybaslar we halylar, neşir önümleri görkeziler hem-de türkmen hünärmenleriniň amerikan kärdeşleri bilen duşuşyklary geçiriler.

Albukerke şäherinde ýerleşýän Nýu-Meksiko uniwersitetinde beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik ýygnanyşygy geçiriler.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy