2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda “Ulag diplomatiýasy: Türkmenistan we Rumyniýa – Aziýanyň we Ýewropanyň birleşmesi” atly tegelek stol geçirildi. Çärä Rumyniýada ulag we infrastruktura ministrligiň Döwlet sekretary Adrian Jorj Fogiş, şeýle hem Rumyniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşykda Türkmenistanyň ulag we üstaşyr mümkinçilikleri, ýurdumyzyň çäginde döredilýän multimodal ulag infrastrukturasy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag pudagyndaky halkara başlangyçlary bilen tanyş edildi. Hususan-da, dünýä jemgyýetçiliginiň we halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-nyň goldawy we Türkmenistanyň bu pudagy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi barada söhbet edildi. Şol bir wagtyň özünde, ulag pudagynyň häzirki ýagdaýy, öňde goýulan taslamalar we geljek meýilnamalar barada söhbet etdiler.
Duşuşygyň netijesi boýunça Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky halkara söwdany we arabaglanyşygy ýeňilleşdirmekde, şeýle hem söwda we ykdysady üpjünçiligiň durnukly gülläp ösmegi üçin esas hökmünde ulag we logistikanyň möhüm orny bellenilip geçildi. Mundan başgada, ýygnananlar Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda intermodal we multimodal serhetaşa we üstaşyr ulag hyzmatlaryny goldamagyň we ösdürmegiň möhümdigini, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýewropa Bileleşigi üçin üpjünçilik zynjyrynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmekde we giňeltmekde “Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara ulag geçelgesiniň ornuny bellediler.
Şeýle hem, tegelek stoluň dowamynda Türkmenistanyň üstaşyr we transport mümkinçilikleri barada wideolar görkezildi.