Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de pugtalandyrmak, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde kabul edilen iri möçberli, uzak möhletli taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak, Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň raýatlarynyň hem-de ýuridik şahslarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” esasy ugurlaryny göz öňünde tutup, 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli:
Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Konsepsiýasynyň taslamasy barada teklipleri taýýarlamak;
Adalat ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek;
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň düzümini döwrebap ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.
Karara laýyklykda, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak boýunça hökümet iş topary döredildi. Şeýle-de, resminama bilen Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak boýunça hökümet iş toparynyň düzümi hem-de bu iş topary hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berildi.
Milli Liderimiziň köpýyllyk maksada gönükdirilen tagallalary netijesinde, diplomatik gullugyň işi hil taýdan täze häsiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlaryna we Kararlaryna laýyklykda, biziň ýurdumyzyň beýleki döwletlerde birnäçe diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary açyldy. Häzirki wagtda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40 sany diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary işleýär. Şeýle-de, ýurdumyzyň ilçileri 15 sany halkara guramada Türkmenistana wekilçilik edýärler.
Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda we gönüden-göni goldamagynda diplomatik işgärleri taýýarlamak üçin güýçli we netijeli ulgam döredildi. 2008-nji ýylyň martynda DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty döredildi, onuň binýadynda 4 sany ýöriteleşdirilen merkez açyldy. Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde Ýaş diplomatlaryň mekdebi hem hereket edýär.
Milli Liderimiz “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryÅŸ nyÅŸany bilen sylaglandy