BIZNES

Türkmenistanyň serhetlerinde ýük gatnawy

Türkmenistanyň Eýran we Gazagystan bilen serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokatlary boýunça ýük awtoulaglary gatnawyna açyk bolmagynda galýar.

Ýurduň eksport-import mümkinçiliginiň artdyrylmagy maksady bilen hem-de halkara ýük gatnawlary düzgünlerine laýyklykda, Türkmenistan Gazagystan bilen serhedindäki Garabogaz-Temirbaba hem-de Eýran bilen serhedindäki Serahs-Serahs gözegçilik-geçiriş nokatlaryny awtoulag ýük gatnawyny 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaltdy. Bu barada “orient.tm” saýtyndan bellenilip geçilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistana ýiti ýokan keselleriň gelmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen käbir çäklendirmeler dowam edýär. Şeýle çäklendirmeleriň esasynda ýolagçylara hyzmat edýän otly hem-de şäherara awtobus gatnawlary 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli togtadyldy.

Mundan ozal habar berşimiz ýaly, otly hem-de şäherara awtobus gatnawlary 1-nji noýabra çenli togtadylypdy.

Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylar üçin 2020-nji ýylyň 10-njy awgustyndan başlap, saglyk kepilnamasy esasynda hereket etmek düzgüni girizilýändigini habar berýäris. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky edaralar tarapyndan 72 sagat möhlet bilen berlen saglyk kepilnamasy esasynda gatnawlar amala aşyrylýar.

Ýurduň içindäki otly  gatnawlaryndaky çäklendirmeler ilki başda, 16 ― 23-nji iýul aralygynda bolupdy.  Soňra bu çäklendirmeler 31-nji iýula çenli uzaldylypdy. Şondan soň gatnawlar 1-nji sentýabra, soňra 1-nji oktýabra çenli uzadylypdy. Iň soňky çäklendirmeler 1-nji noýabra çenlidi. Häzire çenli bu çäklendirmeler 1 aý möhlet bilen edilip gelinýärdi. Täze çäklendirmeler bolsa 2 aý möhlet bilen girizildi.

Häzirki wagtda halkara uçar gatnawlaryň hem çäklendirme möhleti 31-nji oktýabra çenli çäklendirilipdi.

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy