Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi we maslahat geçiriler. Bu barada wise-premýer Batyr Atdaýew Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Kararyna laýyklykda, meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen degişli işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 17-19-njy marty aralygynda sergini geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. Onda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlarda iş alyp barýan 230-dan gowrak agzalary öz önümlerini hödürlärler we şu döwürde gazanan üstünliklerini görkezerler.
Sergä gabatlanyp geçiriljek maslahatda ýurdumyzyň telekeçileriniň ýeten sepgitleri we olaryň öňünde durýan täze wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi söwda-ykdysady pudagyň iş gerimini dünýä ýüzünde giňeltmekde, importuň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginde netijeli işlere goşandyny goşýar. Ýeri gelende bellesek, TSTB 2008-nji ýylyň martynda esaslandyrylyp, häzire çenli önümçiligiň we hyzmatlaryň giňden durmuşa geçirilmeginde ähmiýetli işleri amal aşyryp gelýär.