JEMGYÝET

Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasy “Ruhyýet” köşgünde geçiriler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlt Howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň jemlerine boýunça hasabatlar diňlenildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmegine bagyşlanan möhüm resminama gol çekdi.

Şol resminamada, şu ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler. Bu dabaranyň paýtagtymyzdaky “Ruhyýet” köşgünde geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem bu dabarany ýokary derejede guramak üçin döwlet topary döredildi.

Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi.

Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti – Serdar Berdimuhamedow

 

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri